tüýtmek

tüýtmek
işlik
1) Bulaşygyny açmak, saýylan ýaly etmek, ýolmalamak (pagta, ýüň hakynda).
∙ Aýallarymyz bolsa uzak gijesi bilen oturip, baýlaryň çüprek ýüňlerini tüýderdiler, ondan haly, gulaç, dolak dokaýardylar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
∙ Ýorgana salmak üçin ýygnap ýören ýarym halta çöprek ýüňüni tüýdüp çykdy, ony saýdy, ýorganyna salaýmaly etdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
2) Geýip köneltmek, ýyrtmak, ýolmalamak.
∙ Durdugyça golaý gelýär ýigide, Geýmin çöp tüýdüpdir meňzedip ýüňe. (Çary Aşyr, Poemalar)
Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.
Meselem tüýtmek - tüýtdüm, tüýtdüň, tüýdýär.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»